
Täzelikler
493

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň J.Çaryýew adyndaky 23-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony etrabyň jemgyýetçilik guramalary we hukuk goraýjy edaralary bilelikde guradylar. Okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen duşuşykda ýurdumyzda ýaşlaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup kemala gelmegi ugrunda döredilýän şertler, giň mümkinçilikler barada gürrüň edildi.
Duşuşygyň barşynda internetden, sosial torlardan we sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň düzgünleri, internet ulgamyndan peýdalanylanda maglumat howpsuzlyk kadalaryny üpjün etmek bilen bagly gürrüňe giňişleýin üns çekildi we okuwçy ýaşlara bu babatda degerli maslahatlar berildi.
Çeşme: "Ahal durmuşy" gazeti