tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti

Zenan zehininden dörän gözellik

13.03.2026

56

Zenan zehininden dörän gözellik

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň  senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ─ bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 86 ýyllygy hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlap, türkmen gelin-gyzlarynyň sungata, gözellige, döredijilige bolan höwesini artdyrmak maksady bilen “Zenan zehininden dörän gözellik” atly aýdym-sazly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Halkymyzyň zenanlara bildirýän hormatynyň çägi ýokdur. Zenany — gyzy, gelni, maşgalasy, enesi hökmünde sylamak türkmeniň asylly edebinden nyşan. Olaryň geýnişi, edep-ekramy, eliniň süýjüligi, il-güne sylaşyklylygy hem sungat derejesine ýetirilen däplerimizdir. Eli işli, mylaýymzada gyzlarymyz öýüň gelşigi, dilinden dür dökülýän, göwnünden gül eçilýän mährem enelerimiz maşgalanyň bereketli saçagynyň eýesi, ojagyň terbiýeçisi hasaplanylýar.

“Zenan zehininden dörän gözellik” atly aýdym-sazly döredijilik bäsleşiginiň dowamynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyp gyzlarynyň ýerine ýetirmeginde “Zenan eli ─ gyzyl gül” diýlişi ýaly zenan elinden dörän owadan güllerden ýasalan bezeg işleri görkezildi.  Güller parahat durmuşyň bezegi hökmünde aýdym-sazly döredijilik bäsleşiginiň görküne görk goşdy.

Bäsleşigiň ahyrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady, at gazanan aýdymçysy Gülşirin Annamyradowanyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar diňlenildi. Bäsleşik örän gyzykly geçirilip, iň owadan boglan çemeni ýasamaga gatnaşan talyp gyzlar baýrakly orunlary eýeläp, gymmat bahalary sowgatlara eýe boldular

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz