

Täzelikler
60

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ─ bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda talyp gyzlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan gelýän iş başarjaňlylygy, ugurtapyjylygy, ruhubelentligi, buýsançlylygy, keşp hem-de edep gözelligi , halkymyzyň milli däp-dessurlaryny wagyz etmek, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilen “Talyp gözeli ─ 2026” atly gözellik bäsleşiginde eziz Watanymyzy wasp edýän aýdymlary belent owaz we ussatlyk bilen ýerine ýetirip, özüniň şirin sesi bilen aýratyn tapawutlanandygy üçin Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby Hudaýberdiýewa Aýgül Çerkezowna “Mahmal owazly gözel” diýip Diplom bilen sylaglandy.