tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti

Zenan – Zeminiň zynaty

13.03.2026

61

Zenan – Zeminiň zynaty

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Halkara Zenanlar güni mynasybetli “Zenan – Zeminiň zynaty” atly aýdym-sazly medeni çäresi geçirildi. Çäräniň başynda uniwersitetiň professor-mugallymlary we hormatly myhmanlary tarapyndan zenan mertebesini dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Häzirki wagtda türkmen zenanlary ýokary jemgyýetçilik-syýasy derejä eýe bolup, olaryň hukuklary we azatlyklary döwlet tarapyndan ygtybarly kepillendirilýär. Zenanlar — türkmen medeniýetinde mähribanlygyň, gözelligiň, arassa ahlaklylygyň we maşgala mukaddesliginiň nusgasy hökmünde wasp edilýär. Olar enelik mähri, çeper elliligi we zähmetsöýerligi bilen jemgyýetiň diregi bolup, edebiýatda we sungatda uly hormat bilen sarpalanýar. Ýurdumyzda Halkara Zenanlar güni mynasybetli "Ene mähri" ýaly hormatly atlaryň berilmegi eneleriň mertebesiniň belentdigini görkezýär. 

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde geçirilen medeni çärä ýurdumyzyň at gazanan sungat ussatlary, “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň ýeňijisi Göwher Hajymyradowa hem-de halypa mugallymlar gatnaşyp, türkmen zenanlarynyň mertebesi, ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, maşgala mukaddesligi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda uniwersitetiň “Işewürler” döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly tanslara tomaşa edildi.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz