tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti

Ylym, bilim, innowasiýalar we telekeçilik

13.03.2026

66

Ylym, bilim, innowasiýalar we telekeçilik

2026-njy ýylyň 2-nji martynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, bilim, innowasiýalar we telekeçilik” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Ylmy-amaly maslahatyň başynda uniwersitetiň rektory H.Kadyrow giriş sözi bilen çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgamyň ösüşini, ylym-bilimiň barha kämilleşýändigini, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ösüşiň häzirki zaman mümkinçilikleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini öz çykyşynda nygtap, ýaşlary telekeçilige höweslendirmekde netijeli işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman  Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun sözlerini beýan etdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň özbaşdak telekeçilik işini ýola goýmagy we sanly ulgamy netijeli ulanmak başarnyklaryny ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu syýasat, ýaşlaryň ykdysady ylym barada düşünjelerini artdyrmak, iş taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeli usullaryny öwretmek we sanly ulgamy işjeň ulanmak başarnyklaryny berkitmek maksadyna esaslanýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ylmy-amaly maslahatda uniwersitetiň professor-mugallymlary Bazar ykdysadyýeti şertlerinde hususy telekeçiligi ösdürmegiň ähmiýeti, Maliýe tehnologiýalary (FinTech), The rapid development of international business in Turkmenistan, The export capacity of Turkmen entrepreneurs: from local production to global recognition, Women entrepreneurs: elegance and business in harmony ýaly ugurlar boýunça çykyşlary edip, beýan edilen işleriň ählisi ýygyndy görnüşinde çap edildi.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz