

Täzelikler
60

2026-njy ýylyň 10-njy martynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” eseri boýunça “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige gatnaşmaga gelen mekdep okuwçylary dabaraly ýagdaýda garşy alnyp, iň täze hünärlerini özünde jemleýän uniwersitetiň okuw binalar toplumy bilen tanyşdyryldy.
Uniwersitetde gurnalan “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak bäsleşiginiň maksady Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet ähmiýetli işlerini wagyz etmek, Ahalteke bedewlerimiziň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat bolup, geljekde ýaş nesilleriň kitap okamaga bolan höwesini ýokarlandyrmaga, olaryň milli mirasymyz babatdaky bilimlerini düşünjelerini kämilleşdirmäge ýardam berer.
Bäsleşige gatnaşýan ýaş nesiller ylymda, bilimde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun sözlerini aýdyp, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.