

Täzelikler
63

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan − bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşýan mekdep okuwçylary we olaryň mugallymlary üçin Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde hünäre ugrukdyryş okuw sapagy gurnaldy.
Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen zehinli okuwçylar uniwersitetiň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ylmy-barlag tejribehanalary, okuw otaglary, talyp ýaşlaryň taýýarlan ykdysady we tehnologik taslamalary, şeýle hem“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan −bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanan sergi bilen ýakyndan tanyşdylar.
Bu çäre ýaşlaryň ylmy gözleglere we döredijilige bolan höweslerini artdyrmak bilen bir hatarda, olary dürli hünärlere ugrukdyrmakda möhüm ädim boldy.
Bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylary uniwersitetiň binägärlik sungatynyň beýik derejä eýe bolandygy aýdyp, geljekde hünär saýlamakda uly tejribe gazanandyklaryny belläp, ylym-bilim babatynda uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.