

Täzelikler
107

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetinde pedagogika bilimi (ispan we iňlis dilleri) ugrunyň talyplary hem-de mugallymlary üçin hünär taýdan kämilleşmäge gönükdirilen täsirli duşuşyk geçirildi. Bu çäräniň esasy myhmany hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň syýasy meseleler boýunça işgäri Alekseý Sançes gatnaşdy. Duşuşyga myhman bilen bilelikde ilçihananyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşyp, talyplar bilen diplomatik gatnaşyklar we medeni alşygyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Myhmanlar öz çykyşlarynda häzirki zaman dünýäsinde dilleriň ähmiýeti we halkara hyzmatdaşlygyndaky orny barada, talyplaryň ispan dilini saýlap almaklarynyň sebäpleri we geljekde bu diliň diplomatik hem-de ykdysady gatnaşyklardaky mümkinçilikleri barada durup geçdiler. Talyplar hem öz gezeginde ispan diliniň dünýä medeniýetindäki uly ornuna bolan gyzyklanmalaryny beýan edip, bu ugurda alyp barýan ylym-bilim işleri bilen tanyşdyrdylar.
Duşuşygyň dowamynda Alekseý Sançes «Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ispan mirasynyň orny we onuň amerikan medeniýetine ýetirýän täsiri» atly görkezme çykyşynda ABŞ-da her ýylyň 15-nji sentýabry – 15-nji oktýabry aralygynda dabaraly bellenilýän Ispan medeni-mirasy aýynyň ähmiýeti, ispan diliniň amerikan jemgyýetçilik durmuşynda, edebiýatynda we sungatynda tutýan orny barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem myhman Günorta Amerika yklymynyň ýurtlarynyň özboluşly taryhy, medeniýeti we ispan diliniň bu sebitlerdäki dürli öwüşginleri barada gymmatly maglumatlary paýlaşdy. Edebi ispan dili bolan kastil dili we onuň dürli sebitlerdäki şiwe aýratynlyklary baradaky gyzyklanmalar duşuşygyň täsirini has-da artdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen ýaşlarynyň dünýä dillerini öwrenmekleri, halkara derejesindäki hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty