tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

“Daşary syýasy strategiýanyň möhüm ugry” atly syýasy söhbetdeşlik

13.03.2026

130

“Daşary syýasy strategiýanyň möhüm ugry” atly syýasy söhbetdeşlik

Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasaty bilen Garaşsyz, hemişelik baky Bitarap Türkmenistan halkara jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, parahatçylygy we ösüşleri nazarlaýan täze teklipleri, başlangyçlary yzygiderli öňe  sürýär. Şol teklipler, başlangyçlar sebitde hem-de dünýäde ýüze çykýan meseleleri çözmegiň diplomatik ýörelgelerine öwrülýär. Şol mynasybetli 2026-njy ýylyň 12-nji martynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde “Daşary syýasy strategiýanyň möhüm ugry” atly söhbetdeşligi taýýarladylar.

Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde öňe sürýän ählumumy howpsuzlyk diplomatiýasynyň ähmiýeti, bu diplomatiýanyň energetika, ekologiýa howpsuzlygy gazanmaklygyň ýollaryny açyp görkezýänligi, howpsuzlygyň ähli görnüşleriniň biri-biri bilen berk baglanşykda bolýandygy hem-de bu ýerde ekologiýa we energetika howpsuzlygynyň aýratyn ähmiýeti, uniwersitetimizdäki Wodorod energetikasy merkezi we onuň işi dogrusynda söhbet etdiler. Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  başlangyçlarynyň elmydama rowaç balmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz