
Täzelikler
110

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys» diýen parasatly pähimlerinden ruhlanyp, dilimiziň milliligini, arassalygyny, labyzlylygyny saklamak, kämilleşdirmek we ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek babatda biziň her birimiziň ýaş nesliň öňündäki mukaddes borjumyzy buýsanç bilen amala aşyrýarys.
Dünýä pedagogikasynyň öňe süren interaktiw, multimedia ýaly ösen okuw usullaryny durmuşa ornaşdyryp, döwletiň geljekki ösüşlerine itergi berjek hünärmenleri taýýarlamakda okuw işiniň ýokary hilini gazanmak, täzeçe işjeň sapaklary guramak wezipelerini kesgitledi. Bu talaplaryň berjaý edilmegi her bir mugallymy okatmak işinde häzirki zaman täze usullar, başarnyklar we endikler bilen üpjün bolmaklyga borçlandyrýar. Türkmen dilini okatmagyň usulyýeti dersiniň esasy-da şu meseleleri çözmäge gönükdirilip, bu dersiň bilim ulgamyndaky ähmiýetini has-da artdyrýar.
Golaýda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleri üçin «V–VI synplarda türkmen dilini okatmagyň usulyýeti» okuw kitaby (awtorlary: Handurdyýewa O., Garahanow B. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Ol dokuz bapdan ybarat bolup, türkmen dilini öwretmegiň esasy meselelerine, usullaryna, türkmen dili sapaklarynda okuw işlerini täzeçe guramaklyga, fonetikany, orfografiýany, leksikany, asyl sözi we goşulmany, söz toparlaryny, ýagny morfologiýa bilen baglylykda ortografiýany, stilistikany öwretmeklige degişli usulyýet maglumatlaryny öz içine alýar.
V ‒ VI synplarda grammatika, dürs ýazuw, sözleýiş we ýazuw diliniösdürmekde geçirilýän işlerözara arabaglanyşykda alnyp barylýar. Bu işler V ‒ VI synplarda türkmen dilini okatmagyň usulyýeti dersi boýunça taýýarlanan okuw kitabynyň hem esasy bolup durýar.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi