
Täzelikler
10
Ýurdumyzda «Il saglygy – ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, ynsan saglygyna döwletimiziň iň gymmatly baýlygy hökmünde garalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baş saglygyny gorajak, kärine ussat, başarjaň ýörite orta hünärli lukmançylyk işgärlerini, şepagat uýalaryny taýýarlamak Türkmenistanyň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň işgärleriniň öňünde wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Bu mesele talyplaryň keselleriň öňüni alyş, näsaglaryň kesellerini anyklaýyş, bejeriş usullaryny doly özleşdirmekligi, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrylmagy arkaly çözmek amala aşyrylýar. Ýurdumyzda lukmançylyk ulgamy ýokary depginli ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar. Raýatlara hil taýdan ösen lukmançylyk kömeklerini bermeklige ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda mümkinçilikler döredilýär.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň lukmançylyk orta okuw mekdepleri üçin «Onkologiýa» okuw kitaby (awtorlary: Hojamyradow J., Söýüngulyýewa N. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) çap edildi. Bu kitap iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölümi «Umumy onkologiýa» diýlip atlandyrylýar. Bu bölüm onkologiýa ylmynyň kesgitlemesini, gysgaça taryhyny, dünýäde we Türkmenistanda ösüş tapgyrlaryny, çişleriň kesgitlemesini, olaryň esasy häsiýetlerini, epidemiologiýasyny, etiopatogenezini, klassifikasiýasyny, Türkmenistanda onkologiýa gullugynyň guralyşyny, onkologik näsaglaryň kliniki gözegçiliginiň, täze döreme kesellerini anyklamaklygyň we bejermekligiň esasy aýratynlyklaryny hemde usullaryny öz içine alýar. Bu bölümde howply täze döreme keselleriniň öňüni almak we olara garşy göreşi guramak barada düşünje bermek üns merkezinde tutulýar.
Okuw kitabynyň «Ýörite onkologiýa» diýlip atlandyrylan ikinji bölümi daýançhereket, iýmit siňdiriş, dem alyş, aýal we erkek jyns agzalarynyň, peşew işläp çykaryş, gan işläp çykaryş agzalarynyň we ulgamlarynyň täze döreme keselleriniň, çaga onkologiýasynyň epidemiologiýasyny, etiopatogenezini, klassifikasiýasyny, kliniki alamatlaryny, anyklaýyş we bejeriş usullaryny öz içine alýar. Bu bölümde her bir agzada howply täze döremeleriň ýüze çykmagyna öz täsirini ýetirýän zyýanly ekzogen we endogen faktorlar, bu kesellere getirip biljek patologik hadysalar, olary anyklamak we öňüni almak arkaly howply täze döreme kesellerine garşy göreşmegiň ýollary beýan edilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi