
Täzelikler
273

Ýurdumyzda adam hakynda alada we onuň saglygyny goramak möhüm meseleleriň biri hasaplanylýar. Täze maddalary we materiallary, ýagny dermanlyk serişdeleri, polimerleri, polimer materiallary almak bilen bagly himiýanyň gazananlary bolsa köp sanly keselleriň öňüni almaga hemde olary bejermäge mümkinçilik berýär.
Kämil saglygy goraýyş işgäri bolmak üçin dürli himiki maddalaryň we hadysalaryň adamyň saglygyna hem-de daşky gurşawa ýetirýän täsirine düşünmek, himiýadan çuňňur we köptaraplaýyn bilimli bolmak zerurdyr. Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplary hem haýsy hünäri saýlap alandygyna garamazdan, himiýadan çuňňur bilim almalydyr, tejribe işleriniň ýerine ýetiriliş usulyny özleşdirmelidir.
Ýakynda lukmançylyk orta okuw mekdepleri üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Umumy himiýa» okuw kitabynda (awtorlary: Amangulyýew M., Altyýew A., Nurgeldiýew M., Rozyýewa T.) organiki däl himiýanyň nazary düşünjeleriniň, himiki elementleriň we olaryň birleşmeleriniň, organiki himiýanyň degişli maglumatlary berilýär.
Okuw kitabynda organiki däl himiýanyň nazary düşünjelerinden atomyň gurluş teoriýasy, atomyň gurluşynyň çylşyrymlylygy, izotoplar, atomda elektronlaryň hereketi, kwant sanlar, atom orbitallarynyň elektronlar bilen doldurylyşy, periodik kanun we himiki elementleriň periodik sistemasy, himiki baglanyşyk, organiki däl birleşmeleriň esasy toparlary, kompleks birleşmeler, dispers sistemalar, erginler, erginlerde geçýän reaksiýalar, himiki reaksiýalaryň kinetikasy, himiki deňagramlylyk baradaky düşünjeler yzygider beýan edilýär.
Organiki himiýadan organiki birleşmeleriň gurluşy, organiki birleşmeleriň gomologik hatary, izomeriýa, doýgun uglewodorodlar, halkaly parafinler, olaryň alnyşy, häsiýetleri we ulanylyşy, arenler, benzol, aromatiklik taglymaty, arenleriň alnyşy we himiki häsiýetleri takyk beýan edilýär.
Okuw kitaby lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenip, ondan beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen orta okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, şeýle-de taýýarlyk okuwlarynyň diňleýjileri hem peýdalanyp bilerler.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi