
Täzelikler
150

Okaýanlaryň bilimlerini barlamak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, olary höweslendirmek hem-de olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yglan eden Eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň III jemleýji tapgyry, ýagny ýurdumyzda hereket edýän okuw merkezleriniň öz diňleýjileriniň arasynda 2026-njy ýylyň 15-nji martynda jemleýji tapgyry üstünlikli geçirildi. Döwlet bäsleşigi adatdakylar ýaly iňlis hem-de rus dilleri boýunça 4 ýaş derejesi boýunça guraldy. Döwlet bäsleşiginiň I tapgyrynda gysga möhletli okuwlary guraýan okuw merkezleriniň diňleýjileri özaralarynda, II tapgyrynda Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde, III jemleýji tapgyrynda bolsa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde zehinlerini synadylar. Eýýäm dördünji gezek geçirilýän bu Döwlet bäsleşigi ýurdumyzyň ähli künjeklerinden daşary ýurt dilleri bilen gyzyklanýan ýaş zehinleri, daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary hem-de ýurdumyzyň eýeçiligiň dürli görnüşindäki döwlet we hususy eýeçilikdäki okuw merkezleriniň wekillerini bir ýere jemlemegi bilim ulgamynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýatdan çykmajak wakalarynyň birine öwrüler.
Döwlet bäsleşiginiň I tapgyrynda ýeňiş gazanan ýaz zehinleriň 730-dan gowragy 2026-njy ýylyň 1-nji martynda geçirilen Döwlet bäsleşiginiň II tapgyrynda Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de Ahal welaýaty boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Balkan welaýaty boýunça Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde, Daşoguz welaýaty boýunça Türkmen oba hojalyk institutynda, Lebap welaýaty boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Mary welaýaty boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda zehinlerini synadylar. Şeýlelikde, II tapgyryň ýeňijileriniň 220-den gowragy 2026-njy ýylyň 15-nji martynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen jemleýji III tapgyryna, ýagny döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Döwlet bäsleşiginiň ähli tapgyrlary Merkezi guramaçylyk toparynyň utgaşdyrmagynda ýerlerde döredilen Guramaçylyk toparlarynyň, Eminler toparlarynyň hem-de Gözegçi toparlarynyň öz öňlerinde goýlan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmaklarynda bäsleşigiň açyklyk we aýdyňlyk esasynda geçirilmegi üpjün ediler.
Daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2022-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky 342 belgili buýrugy bilen tassyklanyp Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 26-njy noýabrynda 1663 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan “Eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşigini geçirmegiň Düzgünnamasyna” hem-de Bilim ministriniň “Eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek hakynda” 2026-njy ýylyň 9-njy fewralyndaky 41 belgili buýrugyna laýyklykda, geçirilýän Döwlet bäsleşiginiň III jemleýji tapgyrynda diňleýjileriň zehinlilerinden hem has ökdeleriniň saýlanmagy Döwlet bäsleşiginiň her tapgyrynyň juda çekeleşikli bolandygyny görkezýär. Şeýlelikde, III jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan ýaş zehinleriň 48 sanysy ýeňiji bolmagy başardy. Meýilnama laýyklykda iňlis we rus dilleriniň her ýaş topary boýunça 1 (bir) I orun, 2 (iki) II orun, 3 (üç) III orunlara mynasyp bolan diňleýjiler Türkmenistanyň Bilim ministriliginiň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Biz hem, ähli ýeňijilerimize durmuşda üstünlikleriniň dowamyny arzuw edýäris.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti