
Täzelikler
102

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 14-nji martynda “Geologiýa gözlegden önümçilige çenli: nebit-gaz senagatynda sanly tehnologiýalaryň orny” atly tema boýunça tegelek stolyň başynda ylmy-seminar duşuşygy geçirildi. Bu çäre häzirki zaman sanly tehnologiýalarynyň nebit-gaz pudagyndaky orny, olaryň ylmy barlaglarda we önümçilikde netijeli peýdalanylmagy ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen guraldy.
Duşuşygyň dowamynda geofizika we petrofizika ugurlarynda häzirki zaman programma üpjünçiliginiň orny barada giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler tarapyndan seýsmiki maglumatlary emeli aňyň kömegi bilen çalt we takyk seljermek, şeýle hem geologiki modelleri döretmekde maşyn öwreniş usullarynyň mümkinçilikleri barada möhüm maglumatlar beýan edildi. Bu tehnologiýalaryň nebit-gaz ýataklaryny öwrenmekde we täze gorlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Emeli aňy ylymda, bilim ulgamynda we önümçilikde peýdalanmagyň meseleleri hem giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Hünärmenler häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ýaş hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmekde hem-de önümçilikde innowasion çemeleşmeleri ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar. Şeýle hem buraw işlerine emeli aň ulgamyny ornaşdyrmak baradaky meseleler aýratyn üns merkezinde boldy. Çykyşlarda buraw işlerinde näbelli şertlerde hem ýokary netijelilik bilen işläp biljek emeli aň ulgamlarynyň döredilmegi, şeýle hem burawlamagyň mehaniki tizligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýalar barada maglumatlar berildi.
Ylmy-seminarda dürli kafedralaryň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri çykyş etdiler. Hususan-da, Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty Maksat Çüriýew, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň “Geofizika” bölüminiň laboratoriýa müdiri Jennet Jumahanowa, Nebit we gaz guýularyny burawlamak kafedrasynyň mugallymy Berdimyrat Saparow, Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Altyn Myradowa, şeýle hem Informatika we maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Sähragül Täşliýewa çykyş edip, degişli ugurlar boýunça ylmy pikirlerini we tejribelerini paýlaşdylar.
Duşuşygy alyp baryjy hökmünde Geologiýa we geohimiýa kafedrasynyň mugallymy Geldimyrat Meredow çykyş etdi. Ol seminaryň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň ýurdumyzyň nebit-gaz senagatynyň ösüşi we sanlylaşdyrylyşy üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Ylmy-seminar özara pikir alyşmalar, teklipler we täze ylmy çemeleşmeler bilen baýlaşyp, gatnaşyjylara häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik berdi. Şeýle çäreler ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de geljekde nebit-gaz pudagynda sanly tehnologiýalaryň netijeli ornaşdyrylmagyna möhüm goşant goşýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti