
Täzelikler
104

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki Baýram şahyryň adyny göterýän 8-nji orta mekdepde Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy hem-de Baýram şahyryň doglan gününiň 155 ýyllygyna bagyşlanyp açyk gapylar güni geçirildi. Goja Balkany jähekläp oturan Jebel şäherçesinde ýaşap geçen söz ussadynyň ýazan şygyrlarynda watansöýüjilik, türkmen tebigatynyň ajaýyp gözellikleri çeper beýan edilýär. Şu jähetden ugur alyp, mekdepde tassyklanylan meýilnama esasynda ähli dersler boýunça açyk sapaklar, göreldeli synp sagatlary, kitap sergileri guraldy.
Mekdebiň kitaphanasynda “Pederleriň arzuwy – şöhratly Garaşsyzlyk” atly kitap sergisi we okuwçylar tarapyndan taýýarlanan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Mekdep okuwçylarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna hem giň orun berildi. Ajaýyp döwrümizi, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerini wasp edýän edebi-sazly kompozisiýa bu dabaraly çärä aýratyn öwüşgün çaýdy. Il içinde “Halk şahyry” adyny alan Baýram şahyryň edep-terbiýe, watansöýüjilik baradaky goşgulary, beýik söz ussadynyň goşgularyna döredilen “Şaglap iner bürgütleri”, “Näbilsin” atly aýdymlary çärä gatnaşan myhmanlaryň kalplarynda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Aslynda «Şaglap iner bürgütleri», «Daglar», «Gyrat», «Meläniň», «Garybyň» ýaly aýdyma öwrülip, il içinde uly meşhurlyk gazanan goşgulary şahyryň hut özüniň saza salan eserleridir.
Hormatly Prezidentimiz “Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr” diýip, ylym-bilime ägirt uly hormat goýýar. Dabara gatnaşyjylar çäräniň ahyrynda okamaga, döretmäge, döwrebap bilim almaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Şuglasy bar munda, röwşen geljegiň,
Asuda ýaňlanýar aýdym-mukamy.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym –
Bedew batly at-myradyň mekany.
Ýaşlaryň kalbynda Watana söýgi,
Ylym, bilim, ylham bilen bekäni.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym –
Bedew batly at-myradyň mekany.
Azyza Şajanowa,
Balkanabat şäherindäki Jebel şäherçesiniň Baýram şahyr
adyndaky 8-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.