
Täzelikler
95

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründen ruhlanýan ýaş nesli bilim ulgamynda kämil hünärmen edip ýetişdirmek ýurdumyzyň baş maksatlarynyň biridir. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň täze okuw akymynda şekillendiriş sungatynyň tehnikasy we tehnologiýasy dersini öňe çykarmak, onuň derejesini kesgitlemek we talyplara öwretmek wajyp meseleleriň hatarynda durýar.
Milli bilimi ulgamyny ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz uly möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen, ýokary okuw mekdepleriniň öňünde durýan jogapkärli wezipeleriň amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikler döredýärler. Şu jähetden ugur alnyp, Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ýaşlarynyň bilimli-ylymly bolmagyna uly üns berlip, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny anyk, düşnükli dilde ýaş nesle ýetirmek mugallymlaryň öňünde uly jogapkärli wezipe hökmünde goýuldy.
Ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Şekillendiriş sungatynyň tehnikasy we tehnologiýasy» okuw kitaby (awtorlary: A.Kadyrowa. A.Adaýew) hem şeýle işleriň biridir. Bu okuw kitaby dört bapdan ybarat bolup, «Stanok nakgaşlygynyň tehnikasy we tehnologiýasy», «Monumental nakgaşlygyň tehnikasy we tehnologiýasy», «Grafika sungatynyň tehnikasy we tehnologiýasy» hem‑de «Heýkeltaraşlyk sungatynyň tehnikasy we tehnologiýasy» atly baplar akademiýanyň sungaty öwreniş kafedrasynyň 1-nji we 2-nji ýyl talyplaryna niýetlenip, olarda, esasan, şekillendiriş sungatynyň taryhyna salgylanylyp, stanok nakgaşlygynyň, monumental nakgaşlygyň, grafika sungatynyň ähli görnüşlerini yzarlamak, heýkeltaraşlygyň tehnikasyny, material aýratynlyklaryny ýüze çykarmak, umuman, şekillendiriş sungatynyň tehnikasy we tehnologiýasy barada düşünjeler ýerleşdirilendir.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi