
Täzelikler
87

Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda maliýe hukugy dersi boýunça internet bäsleşigi geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň 14-sinden 69 talyp gatnaşdy.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar berlen sowallara bellenilen wagtyň dowamynda kompýuter arkaly dogry jogap berdiler.
Bäsleşige 100 sany test sowaly hödürlenip, olara jogap bermek üçin jemi 100 minut wagt berildi. Her bir dogry jogap 1 utuk bilen bahalandyryldy. Gazanylan netijeler boýunça orunlar ähli ýerine ýetirilen ýumuşlarda toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlendi.
Bäsleşikde 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlary eýelän talyplar degişli diplomlar bilen sylaglanyldy.
Çeşme: "Türkmenmetbugat" web saýty