
Täzelikler
91

2026-njy ýylyň 16-njy martynda bilimiň innowasiýon belentliklerini nazarlaýan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde “Ýiti zehin” bilim bölümi açyldy. Bu bölüminiň açylyş dabarasy uniwersitetiň döwrebap binasynyň öňünde aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Bu şatlykly dabara uniwersitetiň ýolbaşçy düzümi, professor-mugallymlar we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren joşgunly tanslary, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerini wasp edýän aýdymlar dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary döretdi. Soňra uniwersitetiň rektory Kadyrow Hydyrguly Atamyradowiç gutlag sözi bilen çykyş etdi we “Ýiti zehin” bilim bölüminde alnyp baryljak işlere uly üstünlikler arzuw etdi.
Dabaraly pursatlar türkmeniň däp-dessurlary bilen utgaşyp, “Ýiti zehin” bilim bölüminiň toý bagy el şarpyşmalaryň astynda kesildi. Ilkinji diňleýjilerini kabul eden bu bilim bölüminde ussat mugallymlaryň iňlis, rus, hytaý, dillerindäki we himiýa, fizika, biologiýa, matematika, ykdysady we sanly tehnologiýalar dersleri boýunça görkezme sapaklaryna gatnaşyldy. Siz hem zehiniňizi taplamak we döwrebap bilimler dünýäsine aralaşmak isleseňiz, biz size “Ýiti zehin” bilim bölüminde garaşýarys.