
Täzelikler
72

2026-njy ýylyň mart aýynyň 17-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň XXXV ýyllygy, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi mynasybetli «Garaşsyzlyk-halkyň çüwen ykbaly» atly institutyň professor-mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda okuw-usuly seminary geçirildi. Seminaryň dowamynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler we gurlup ulanylmaga berlen täze desgalar, halkymyzyň bu baýrama berýän aýratyn ähmiýeti, ata-babalarymyzyň özbaşdak Döwlet bolmak bilen baglanyşykly arzuwlary we olaryň ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde çeper beýan edilişi, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde Garaşsyzlygymyzyň tutýan orny dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Maslahatda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerinde garaşsyzlyk düşünjesiniň tutýan orny we ýurdumyzda 35 ýylyň içinde gazanylan görlüp-eşidilmedik derejedäki ägirt uly ösüşler, ýaşaýyş-durmuş, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler baradaky çykyşlara aýratyn orun degişli boldy. Okuw-usuly seminaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty