
Täzelikler
1

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda Balkan welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilen “Talyp gözeli – 2026” bäsleşigi gyzlaryň diňe bir daşky gözelligini däl, eýsem olaryň edep-ekramyny, milli däp-dessurlara wepalylygyny hem-de döredijilik ukyplaryny açyp görkezdi.
Bäsleşigiň şertlerine görä, gatnaşyjylar özlerini tanyşdyrmakda, diňe bir owadan lybaslary bilen däl, eýsem pähim-paýhasy, ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň inçeligi we dillerinden dökülýän çeper sözleri bilen hakyky türkmen gyzynyň kämil keşbini janlandyrdylar we türkmen milli tagamlaryny taýýarlamakda özara bäsleşdiler.
Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň netijesinde, eminleriň iň ýokary bahasyna – Baş baýraga Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Goýunlyýewa Humaý mynasyp boldy, 1-nji orna mynasyp bolan Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Hakyjanowa Gülkamar, 2-nji orna mynasyp bolan Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Agarowa Gülzada, 3-nji orna mynasyp bolan Balkan lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Ataýewa Mahym mynasyp boldy.
Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşan ähli gyzlara guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy. Bu bäsleşik türkmen gyzlarynyň jemgyýetdäki ornuny belende götermekde we olary watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boldy.