
Täzelikler
1

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýigitleriniň arasynda 8-nji mart “Halkara zenanlar güni” mynasybetli mähriban enelerimizi, uýalarymyzy we gyzlarymyzy wasp etmek boýunça geçirilen bäsleşik oňa gatnaşanlarda we tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda zenan mertebesi belent tutulýar. Mekdepde geçirilen bu bäsleşigiň hem esasy özeni türkmen halkynyň zenanlara goýýan asylly däplerinden gözbaş alyp, ýaşlaryň watançylyk we ahlak terbiýesini kämilleşdirmäge gönükdirildi.
Bäsleşik birnäçe tapgyrdan ybarat bolup, onda talyp ýigitler özleriniň zehinini we başarnygyny görkezdiler. Olar dünýäniň görki bolan enelerimiziň mukaddesligini, türkmen gyzynyň edep-ekramyny öz içine alýan goşgy setirlerini çeper okaýyş arkaly beýan etdiler. Şeýle-de, ýigitler tarapyndan ýerine ýetirilen şirin owazly aýdymlar dabaranyň şowhunyna şowhun goşdy.
Çärä gatnaşan talyplaryň belleýşi ýaly, şeýle bäsleşikler ýaşlaryň döredijilik dünýäsini baýlaşdyrmak bilen bir hatarda, olaryň kalbynda “Ene” diýen mukaddes adama bolan wepalylygy has-da berkidýär. Zenanlara goýulýan sarpanyň belentdigini görkezen bu dabaraly gün mekdebiň taryhynda ýakymly pursat bolup galdy.