
Täzelikler
1

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan bu duşuşyk ýaş nesliň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmaga, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirildi.
Duşuşygyň dowamynda hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri çykyş edip, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk kadalary, ýaşlaryň hukuklary we borçlary barada esasanam, jemgyýetçilik tertibini saklamak meselelere aýratyn üns çekildi.
Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem öz çykyşlarynda milli däp-dessurlarymyzyň, maşgala mukaddesliginiň we ahlak terbiýesiniň ähmiýetini nygtadylar. Ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, sport we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler bellenilip geçildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, döwrebap bilim almagyna döredip berýän ähli şertleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.