
Täzelikler
160

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna Aşgabat şäherindäki 74-nji synag inklýuziw mekdebine baryp gördüler.
Myhmanlar inklýuziw bilimi ornaşdyrylyşy bilen tanyşdylar.
Olar mekdebiň ýolbaşçy düzümi hem-de Bilim ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyklary geçirip, inklýuziw bilimi ilerletmekde ýetilen sepgitler we ýüze çykýan kynçylyklar barada pikir alyşdylar. Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili okuw geçirilýän synplara hem baryp gördüler.
Bu sapar Beýik Britaniýanyň hökümetiniň Halkara ösüş agentligi (UK International Development) tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda maýyplygy bolan çagalar üçin elýeterli we inklýuziw mekdepler» atly taslamanyň çäklerinde amala aşyryldy.
Taslama inklýuziw mekdepleri döretmekde mugallymlaryň, maşgalalaryň we dürli ulgamlara wekilçilik edýän hyzmatdaşlarynyň arasynda utgaşykly iş alyp barmagyň möhümdigini nygtaýar.