
Täzelikler
178

2026-njy ýylyň mart aýynyň 18-ne Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça geçirilen welaýat ders bäsleşigi üstünliklere beslendi. Bäsleşige Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşan talyplar “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp gorkezdiler.
Bäsleşigiň netijeleri esasynda ýeňijiler yglan edildi:
Bäsleşikde I orny Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň III ýyl talyby Meretdurdyýewa Ogulmaral Muhammedowna , II orny Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň I ýyl talyby Mämmäýewa Bägül Orazmyradowna we Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň I ýyl talyby Meretgulyýewa Aýjeren Taganowna, III orny Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň I ýyl talyby Ýazlyýewa Läle Ezizowna, Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň II ýyl talyby Täjowa Uzukjemal Penjiýewna şeýle hem Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň II ýyl talyby Atamyradowa Gözel Döwletgeldiýewna eýelediler.
Ýeňijilere orta hünär okuw mekdebi tarapyndan Diplomlar we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Baýramaly şäher komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi