
Täzelikler
93

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda ylym we bilim ulgamynda giň gerimli hem-de özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Netijede, daşary ýurtlaryň we biziň ýurdumyzyň bu ulgamdaky hünärmenleriniň, alymlarynyň arasynda bilelikdäki ylmynazary we ylmyamaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barmaga mümkinçilikler döredi. Bu hyzmatdaşlyklar taraplaryň birekbirege düşünişip işlemeklerini, şeýle hem şu günüň zerurlyklarynyň oýlanyşykly durmuşa geçirilmegini talap edýär. Şu jähetden döwletleriň dürli ugurlardaky, şol sanda hukuk ulgamyndaky özara gatnaşyklaryny ösdürmekde daşary ýurt dilleri, hususanda, iňlis we rus dilleri möhüm ähmiýete eýedir.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «English for International Lawyers» okuw kitaby (awtorlary: M.Orazowa, A. Öwezowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Bu okuw kitaby hukuk, halkara hukugy we halkara gatnaşyklary boýunça bilim alýan talyplara niýetlenen. Ol 12 bölümden ybarat bolup, hukuk meselelerine degişli temalary öz içine alýar. Şeýle hem hukuk baradaky umumy düşünjeleri, Türkmenistanyň, Angliýanyň we ABŞnyň hukuk, döwlet we syýasy ulgamlary, halkara hyzmatdaşlygyndaky hukuk meseleleri baradaky düşünjeleri özünde jemleýär.
Daşary ýurtlaryň we biziň ýurdumyzyň bu ulgamdaky hünärmenleriniň, alymlarynyň arasynda bilelikdäki ylmynazary we ylmyamaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barmaga mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Bilim ulgamynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri, hemaýat-goldawlary üçin köp sagbolsun aýdýarys.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi