
Täzelikler
227

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýaş nesliň arasynda döwlet syýasatynyň ähmiýetini we milli gymmatlyklary düşündirmäge gönükdirilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Mejlisi, hukuk goraýjy edaralary, ministrlikler we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan tassyklanan bilelikdäki meýilnama esasynda guraldy. Duşuşygyň esasy maksady talyp ýaşlaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmekden ybarat boldy.
Duşuşygyň dowamynda milli kanunçylygy berjaý etmek, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmek, maşgala mukaddesligini saklamak we tebigaty goramak ýaly möhüm meselelere aýratyn üns berildi. Şeýle hem ýaşlara tertip-düzgünleriň, ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmegiň, kanun bozulmalarynyň öňüni almagyň hem-de ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerine eýermegiň ähmiýeti barada düýpli düşündiriş işleri geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek we innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, giň gözýetimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky tagallalary çykyşlaryň özenini düzdi. Garaşsyz döwletimizde ýaşlar syýasatyna aýratyn orun berilýändigi nygtalyp, sagdyn durmuş kadalarynyň ýaşlaryň durmuşynda ileri tutulýan ugur bolmalydygy bellenildi.
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesi bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän bu çäreler halkymyzyň taryhy köklerine we döwletli ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsidir.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Watanymyzyň abraýyny belende götermek ugrundaky işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Çeşme: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti