
Täzelikler
103

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Geologiýa fakultetiniň Geologiýa we geohimiýa kafedrasynyň mugallymlary we “Nebitiň we gazyň geologiýasy” hünäriniň hem-de “Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi” taýýarlyk ugrunyň talyplary “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Ylmy-barlag tebigy gaz” institutynyň “Gatlak fizikasy” we “Buraw erginleri” laboratoriýalarynda göçme okuw sapagyny geçirdiler.
Göçme okuw sapagynyň dowamynda uniwersitetimiziň mugallymlary, laboratoriýa hünärmenler bilen bilelikde talyplara nebitgaz meýdançalaryndan alnan kern nusgalyklarynyň mineral düzümlerini, litologiýasyny, petrografiýasyny we fiziki häsiýetlerini hem-de buraw ergininiň gatlak şertlerindäki häsiýetlerini öwrenmek arkaly barlag işleri geçirilip, giňişleýin düşündirildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti