
Täzelikler
112

Ýagty ýol bilen öňe barýan kalplary buýsançdan doly türkmen halky Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna täze zähmet üstünlikleri we ýeňişleri bilen barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen Döwletdir” şygary öňe sürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurtda iň uly baýlyk bu biziň raýatlarymyz, bu biziň ildeşlerimizdir diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halky üçin edýän atalyk aladalaryny biz şu günki gün durmuşymyzda has aýdyň görýäris. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly iş sapary ýurdumyzyň ösüşli ýollarda öňe barýanlygynyň aýdyň nyşanydyr. Elbetde bu şanly waka mynasybetli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde mugallymlarymyzyň tegelek stoluň başynda buýsançly gürrüňler bilen syýasy gepleşigi Altyn asyr teleýaýlymynda ýazgy etdiler. Türkmenistanyň “Beýik ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň ulag-logistika ulgamynda täze mümkinçilikleri açýandygyny, şol sanda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça täze taslamalar we gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ugrundaky işleri mugallymlar tarapyndan buýsanç bilen bellenilip geçildi. Türkmen Hytaý haryt dolanyşygynyň 2007-nji ýyldan bäri 20 göterim artmagy hem muňa aýdyň mysalydyr diýip mugallymlar belläp geçip birek-birege sylag-hormat goýmak äheňinde alynyp barylýan Türkmen Hytaý gatnaşyklary Milli Liderimize bolan buýsanç duýgularyny döretdi. Gepleşigiň dowamynda mugallymlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmen halkynyň ajaýyp gelejegi ugrunda edýän atalyk aladalaryna özleriniň köp sag bolsunlaryny aýtdylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti