
Täzelikler
138

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ylma esaslanyp, işleri dünýä ölçeglerine laýyklykda alyp barmaklyga uly üns berilýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy Gahryman Arkadagymyzyň ýol görkezmegi bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Reňk ylymlary we koloristika» okuw kitaby (awtory: N.Ýagşymyradow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Bu okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň dizaýn hünärleriniň talyplary üçin niýetlenilip, olaryň reňkler dünýäsi baradaky garaýyşlaryny has-da baýlaşdyrmaga we döredijilik işlerinde giňden peýdalanmaga ýardam berer.
Okuw kitaby girişden, jemi 22 sany paragrafdan, netijeden we peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat. Okuw kitabynda adybir derse degişli maglumatlar: reňk ylymlarynyň esaslary, bir reňkli taslama, gapma-garşylykly taslama, ahromatik taslama, hromatik taslama, köp reňkli taslama, reňk we çeper aýratynlyk, reňkiň fiziki esaslary we onuň psihofiziki nukdaýnazardan kabul edilişi, gapma-garşylykly reňk öwüşginleri, ujypsyz aýratynlykly reňk öwüşginleri, reňk baglanyşygy, reňkleriň sazlaşygyny we haşamlylygyny öwrenmegiň esaslary, reňkli taslamanyň esaslary, tekiz (haşamly) reňkli taslama, reňk we şekil, reňkiň nyşanalygy, koloristikada peýdalanylýan esasy adalgalar, amaly ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin materiallar we degişli esbaplar, on iki bölekli reňkli tegelek, on iki bölekli reňkli tegelegiň esasynda üç, dört reňkli taslamany sazlaşdyrmak, reňkleri garmagyň kanunalaýyklygy baradaky ýumuş, taslama ýumşy: şekili reňk arkaly bozmak we goşmak, reňkleri göwrümde işlemek ýumşy ýaly dürli temalarda ýerleşdirilipdir.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi