
Täzelikler
80

2026-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradowyň «Reňk ylymlary we koloristika» hem-de Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Sungaty öwreniş kafedrasynyň müdiri Aýjan Kadyrowanyň «Şekillendiriş sungatynyň tehnikasy we tehnalogiýasy» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaplary okyjylara ýetirildi. «Reňk ylymlary we koloristika» atly okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň dizaýn hünärleriniň talyplary üçin niýetlenilip, olaryň reňkler dünýäsi baradaky garaýyşlaryny baýlaşdyrmaga we döredijilik işlerinde peýdalanmaga ýardam berýär. «Şekillendiriş sungatynyň tehnikasy we tehnologiýasy» atly okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň medeniýeti we sungaty öwreniş hünärleri boýunça bilim alýan talyplary üçin niýetlenip, ondan orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, sungat bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligi hem peýdalanyp bilýärler.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy