
Täzelikler
81

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda amala aşyrylýän işleriň hatarynda bilim ulgamy aýratyn orny eýeleýär. Çünki ýaş nesle döwrebap bilimdir terbiýe bermek, olary kämillik ýolunda taplamak, milli pedagogikamyzyň çäginde bu babatda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek ugrunda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda köp tagallalar edilýär.
Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän mekdepleriň XII synpy üçin «Jemgyýeti öwreniş» okuw kitaby (awtorlary: Ö.Muhammetberdiýew, N.Suwhanow, S.Süleýmanow, A.Nobatowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Okuw kitaby girişden, dört bapdan, otuz iki paragrafdan ybarat bolup, olarda okuw maksatnamasyna laýyklykda degişli möhüm maglumatlar beýan edilipdir.
«Jemgyýet we ykdysadyýet» atly I bapda ykdysadyýetiň jemgyýetdäki orny, önümçilik gatnaşyklary, telekeçilik we onuň ösdürilmeginiň ähmiýeti, ykdysady ulgamlar, Türkmenistanyň ykdysady ösüş nusgasy, bazar we bazar infrastrukturasy, ykdysady bäsdeşlik, ykdysadyýet we döwlet, döwlet býujeti baradadaky maglumatlar ýerleşdirilipdir. «Jemgyýetiň sosial düzümi» atly II bapda jemgyýetiň sosial düzümi, Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň sosial düzümi, maşgala, ilatyň durmuş taýdan goraglylygy, demografiýa we demografik syýasat, milletler we milletara gatnaşyklar, ýaşlaryň häzirki zaman jemgyýetindäki orny bilen bagly maglumatlara orun berlipdir. «Jemgyýetiň syýasy durmuşy» atly III bapda syýasat, syýasy häkimiýet, döwlet, döwletleriň görnüşleri, syýasy ulgamyň gurluşy, saýlaw ugamy, Türkmenistanyň syýasy ulgamy, hukuk we hukuk gatnaşyklary, hukuk ulgamy, adam we hukuk, hukuk döwleti, raýat jemgyýeti, döwletiň daşary syýasaty, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda alyp barýan işleri barada maglumatlar teswirlenýär. «Jemgyýet we tebigat» atly IV bap jemgyýet bilen tebigatyň arabaglanyşygyna, häzirki döwrüň ekologik meselelerine bagyşlanypdyr.
Okuw kitabynyň ahyrynda ýerleşdirilen düşündirişli sözlük maglumatlardaky dürli adalgalara içgin düşünmäge mümkinçilik berýär.
Türkmen jemgyýetindäki, şol sanda bilim ulgamyndaky uly özgertmeleriň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi