
Täzelikler
135

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli däp-dessurlary, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, zähmetsöýerlik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmekden maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan talyp gyzlaryň arasynda “Gyz edebi – il edebi” atly wagyz – nesihat çäresini geçirdi. Bu duşuşygyň dowamynda institutymyzyň mugallymlary türkmen medeniýetinde asyllylyk, sadalyk we ahlak kadalary gyz maşgalany bezeýän gözellikdigini beýan etdiler. Milli mirasymyzy öwrenmäge we kämilleşdirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il – ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin.
Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň
ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy
Arzygül Annagulyýewa