
Täzelikler
123

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyň mart aýynyň 24-28-i aralygynda geçirilen “Nazary mehanika” dersi boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy ýokary netijelere beslendi. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirilen bu bäsleşik dost-doganlygyň özboluşly dabaralanmasydyr.
Bu Halkara Olimpiada trugbaşdan ýokary ruhy galkynyşa eýe boldy. Halkara olimpiadanyň ilkinji gününde olimpiadanyň açylyş dabarasy hem-de şahsy bäsleşik geçirildi. Olimpiadanyň ikinji gününde toparlaýyn bäsleşik geçirildi. Şeýle halkara bäsleşigine gyzyklanmanyň barha artýandygy bellärliklidir. Bäsleşigiň soňky günlerinde bolsa, ýörite döredilen eminler topary tarapyndan olaryň jemleri jemlenildi. Bu olimpiadada 760-dan gowrak talyp “Nazary mehanika” dersi boýunça bilimini we başarnygyny synadylar. Halkara açyk internet olimpiada daşary ýurtlaryň birnäçesinden ýagny, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Azarbeýjan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Rumyniýa Respublikasynyň, Saud Arabystanyň, Kamboja Patyşalygynyň, Hindistan Respublikasynyň, Günorta Sudanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Vietnam Respublikasynyň, Malaýziýanyň 97 sany ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň 570-e golaýy gatnaşdy. “Nazary mehanika” dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyna her ýyl yzygiderli gatnaşýan daşary ýurtly talyplaryň sanlarynyň artmagy, onuň çekeleşikli geçendigini, şeýle hem onuň ýaşlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, talyplaryň dünýägaraýşyny we bilimlerini giňeltmekde ähmiýetli çäre bolup durýandygy bellärliklidir. Halkara internet olimpiadanyň jemleýji gününde çykyş edenleriň belleýşi ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bilim özgertmeleri öz oňyn netijelerini berýär. Halkara internet olimpiadasy 5 gün dowam edip, jemleýji gününde şahsy we toparlaýyn bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar degişli diplomlar we höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandy. Soňra bolsa, bu şanly waka mynasybetli institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr tanslara tomaşa edildi. Üstünlikli geçirilen olimpiada gatnaşan talyp ýaşlar ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda okamaga, öwrenmäge, döretmäge hem-de şeýle bäsleşiklere gatnaşmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.