
Täzelikler
130

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmek we olary kämil şahsyýetler edip terbiýelemek maksady bilen «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly halypaçylyk okuw sapagy guraldy. Bu çäre ýurdumyzda alnyp barylýan döwletli işleri, milli däp-dessurlarymyzy we sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda giňden dabaralandyrmaga gönükdirildi.
Uniwersitetiň zenanlar guramasynyň başlygy Ogulmaral Tahyrowanyň alyp baran okuw sapagyna Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň lukmany hem-de mährem eneler gatnaşdylar. Duşuşykda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlar syýasatyna berilýän uly ähmiýet we döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler aýratyn nygtaldy.
Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmuny talyp ýaşlara giňişleýin düşündirildi. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndan ugur alnyp, maşgala mukaddesligi, agzybirlik we edep-terbiýe baradaky gymmatly nesihatlara üns çekildi. Maşgalanyň jemgyýetiň we döwletiň binýadydygy bellenilip, ýaş maşgalalarda özara hormat goýmagyň ähmiýeti barada durlup geçildi.
Çykyş edenler ýaşlary beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaga, dürli ýat we nogsanly endiklerden daşda durmaga çagyrdylar. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň kämilleşmegi ugrunda uly tagallalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Çeşme: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti