
Täzelikler
141

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Ekologiýa dersi boýunça bäsleşigiň ikinji we jemleýji tapgyry üstünlikli geçirildi. Bu tapgyra welaýatlardan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden saýlanyp alnan iň zehinli 40 sany okuwçy gatnaşdy. Bäsleşigiň ilkinji tapgyrynyň 4-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilendigini we oňa jemi 200-den gowrak okuwçynyň gatnaşandygyny bellemek gerek.
Jemleýji tapgyryň dowamynda okuwçylar BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän özboluşly ylmy taslamalary bilen çykyş etdiler. Taslamalar esasan açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygy, arassa suw we sanitarýa elýeterliligi, energiýa tygşytlylygy hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly möhüm ugurlary öz içine aldy. Şeýle-de ýaşlar gury ýer we deňiz ekologik ulgamlaryny gorap saklamak, tokaýlary rejeli peýdalanmak we çölleşmä garşy göreşmek boýunça özleriniň täzeçil garaýyşlaryny we ylmy çözgütlerini hödürlediler.
Eminler topary tarapyndan okuwçylaryň işlerine ýokary baha berildi. Taslamalaryň derwaýyslygy, ylmy esaslandyrylyşy, maglumatlaryň takyklygy we olaryň önümçilige ornaşdyrylmak mümkinçilikleri esasy ölçegler hökmünde garaldy. Bäsleşigiň çäklerinde okuwçylar üçin uniwersitetiň Haýwanat dünýäsi muzeýine, Tikinçilik gurnagynyň sehine we «John Deere» okuw merkezine tanyşlyk gezelençleri hem guraldy.
Dabara bäsleşigiň ýeňijilerini I, II we III derejeli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak bilen jemlendi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bilim özgertmeleriniň dabaralanýan pursatlaryna gabat gelen bu çäre, ýokary okuw mekdepleri bilen orta mekdepleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Çeşme: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti