
Täzelikler
149

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 30-njy martda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şol sanda bilim, durmuş goraglylygy we durnukly ösüş babatda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda ÝUNISEF-niň 2026 – 2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin ýurt maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri bilelikde durmuşa geçirmeklige aýratyn ähmiýet berildi.
Taraplar mekdebe çenli bilimi ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Söhbetdeşlikde jemgyýetçilik işi ulgamynyň ösdürilmegine degişli meseleler, şol sanda hünärmenleri taýýarlamak, täze iş orunlaryny döretmek we institusional gurallary kämilleşdirmek boýunça meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda 2026 – 2030-njy ýyllar üçin çagalaryň irki ösüşi boýunça Milli strategiýany kabul etmegiň möhümdigi nygtaldy. Şeýle-de taraplar inklýuziw bilim infrastrukturasyny ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek, çagalaryň goraglylygy, çagalar boýunça adyl kazyýet işi baradaky Milli maksatnamany taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.