
Täzelikler
46

2026-njy ýylyň 28-nji martynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde halkara söwda boýunça bilermen Azat Annadurdyýewiň gatnaşmagynda “Eksport – global bazarlaryň gapysy” atly açyk sapak üstünlikli geçirildi.
Açyk sapagyň dowamynda A.Annadurdyýew eksportyň ykdysady ösüşdäki ähmiýeti, daşary ýurt bazarlaryna çykmagyň mümkinçilikleri we häzirki zaman şertlerinde telekeçiler üçin döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin çykyş etdi. Şeýle hem ol halkara söwda ulgamynda toplan tejribesini paýlaşyp, ýaşlara öz işini ösdürmekde möhüm maslahatlary berdi.
Çärä uniwersitetiň talyplary, ýaş telekeçiler hem-de mugallymlar işjeň gatnaşdylar. Gatnaşyjylar eksport bilen bagly sowallar bilen ýüzlenip, tejribeli bilermenden amaly jogaplary aldylar. Bu bolsa açyk sapagyň özara pikir alyşma we tejribe paýlaşma meýdançasyna öwrülendigini görkezdi.
Çäräniň ýokary derejede guralmagynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň senagatçylary we telekeçileri partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi hyzmatdaşlyk etdiler.
Açyk sapak ýaşlaryň telekeçilik ukyplaryny ösdürmekde, halkara bazarlara bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda we olaryň dünýä derejesindäki ykdysady gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagyna itergi bermekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Şeýle çäreleriň dowamly geçirilmegi talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, olaryň geljekde üstünlikli hünärmenler bolup ýetişmegine uly goşant goşýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti