
Täzelikler
50

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň parasatly içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirýän döwrebap özgertmeleri, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli taslamalary, halkara hyzmatdaşlygyň uzak geljegini nazarlaýan täzeçe ynsanperwer çemeleşmeleri netijesinde Türkmenistan Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesi dünýäde has-da belende galýar.
2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny döretmek maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.
Baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny açmak we onuň işini ýola goýmak wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen sanly ulgam arkaly onlaýn iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde ylym-bilim ulgamynda, gelejekde hünärmenleri taýýarlamakda amala aşyrylýan işleriň oňyn netijeleri berjekdigi, Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny açmak üçin alnyp barylýan işleriň öňde goýlan weipeleriň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi bellenip geçildi.
Iş duşuşygynyň ahyrynda daşary ýurtlaryň abraýly ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, kompaniýalary, ylmy-barlag merkezleri bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de tejribe alyşmak boýunça döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti