
Täzelikler
88

Bedew batly öňe barýan ýurdumyzyň bilim ulgamyny halkara derejesinde kämilleşdirmek we daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen özara bähbitli tejribe alyşmak işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şu asylly ýörelgelerden ugur alyp, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilim federal döwlet býujet bilim edarasy «W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň» arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Iki ýokary okuw mekdebiň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga bolan özara gyzyklanmalary nazara alýan bu resminama, ylym ulgamynda utgaşdyrmany çuňlaşdyrmaga, onuň innowasion gazananlaryny bilim işinde ulanmaga hem-de medeni baglanyşyklary durnukly ösdürmäge gönükdirilendir.
Ylalaşygyň çäklerinde taraplar bilim maksatnamalarynyň hilini üpjün etmek üçin okuw-usuly resminamalaryny alyşmak, şeýle hem talyplaryň, mugallymlaryň we ylmy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen akademik hereketliligi amala aşyrmak barada ylalaşyga geldiler. Resminama ylym we bilim ulgamynda düýpli hem-de amaly barlaglary alyp barmagy, bilelikdäki innowasion taslamalary durmuşa geçirmegi we halkara ylmy maslahatlara, simpoziumlara hem-de sergilere işjeň gatnaşmagy göz öňünde tutýar. Şunuň bilen birlikde, taraplar iki ýokary okuw mekdebiniň gazanan üstünliklerini görkezýän ylmy neşirleriň we okuw gollanmalarynyň alyş-çalyşyny ýola goýmak, şeýle hem uzak aralykdan okatmak maksatnamalaryny bilelikde işläp taýýarlamak barada möhüm ylalaşyklary gazandylar.
Gol çekişlik dabarasynyň ahyrynda ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek, bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmek ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty