
Täzelikler
84

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazary-Şarif şäherindäki ýadygärliginde abatlaýyş işleri geçirildi. Bu işler “Akýol” jemgyýetçilik we medeniýet guramasynyň başlygy Hajy Mohammad Haşim Wali Zadanyň başlangyjy esasynda, Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň maliýe goldawy bilen amala aşyryldy.
31-nji martda ýadygärlik abatlaýyş işlerinden soňra dabaraly ýagdaýda açyldy. Çärä türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynyň işgärleri gatnaşdylar. Şeýle-de açylyş dabarasyna Mazary-Şarif şäheriniň häkimi Abdul Rahman Hemmet, Owganystanyň DIM-niň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň başlygy Möwlewi Aminuallah Sadyk, din alymlary, mugallymlar, medeniýet işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler beýik türkmen söz ussadynyň baý edebi mirasynyň tutuş dünýä medeniýeti üçin hem ähmiýetlidigini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň möhüm orny bellenilip geçildi.