
Täzelikler
69

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 31-nji martda talyplaryň arasynda «Akyl giňişligi» atly intellektual zehin bäsleşigi geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebiniň fakultetlerine wekilçilik edýän toparlar gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň dowamynda talyplara takyk we tebigy ylymlar, şeýle hem edebiýat, taryh we umumy dünýägaraýyş boýunça sowallar berildi. Her tapgyrda gatnaşyjylara jogap bermek üçin anyk wagt bellenilip, bäsleşik örän çekeleşikli we gyzykly ýagdaýda geçdi. Zehin synagynyň netijesi boýunça ýeňiji bolan topara ýörite göçme kubok gowşuryldy.
Bu çäre ýaşlaryň ylym-bilime bolan höwesini artdyrmaga, olaryň döredijilikli pikirleniş ukyplaryny we dünýägaraýşyny giňeltmäge gönükdirildi. Şeýle bäsleşikler ýaş nesliň intellektual kuwwatyny ýüze çykarmakda we kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap bilim ulgamyny kemala getirmek we ýokary hünärli ýaşlary terbiýelemek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Milli maksatnamalarda hem-de täze kabul edilen Strategiýalarda bellenilen wezipeler bilim berlişiniň hilini halkara derejä çykarmaga we ýaşlaryň täze innowasion tehnologiýalary özleşdirmegine giň ýol açýar.
Çeşme: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti