
Täzelikler
75

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 31-nji martda Russiýa Federasiýasynyň W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk boldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň Baştutanlarynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdiler. Häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan özara bähbitli işleriň ähmiýeti nygtaldy we bu gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygy bellenildi.
Duşuşykda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň halkara gatnaşyklaryna, hususan-da, Russiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyna seredildi. Işjeň söhbetdeşligiň dowamynda taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny öz içine alýan «Ýol kartasynyň» taslamasyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar döwletara gatnaşyklaryň we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw etdiler. Myhmanlar ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde döredilýän giň mümkinçilikler üçin ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.
Saparyň çäklerinde myhmanlar ýokary okuw mekdebiniň okuw merkezleri, barlaghanalary we agromeýdançasy bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar talyplaryň ylmy taslamalarynyň sergisine aýlanyp gördüler.
Çeşme: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti