
Täzelikler
63

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Etut.developer” ady bilen kiberhowpsuzlyk boýunça hakaton bäsleşiginiň netijeleri
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň pudak edaralaryny sanlylaşdyrmagy ulgamlaýyn wezipeleri çözmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi. Jemgyýetiň ösüşiniň häzirki zaman tapgyry, gün-günden artyp barýan, maglumatlary ýygnamaklygy, döretmekligi, ýaýratmaklygy we ulanmaklygy amala aşyrýan maglumat infrastrukturalarynyň we subýektleriň toplumyny emele getirýän maglumat gatnaşyklary bilen häsiýetlendirilýär. Köpçülikleýin kompýuterleşdirmek, iň täze maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ösdürmek babatynda, şeýle hem sanlylaşdyrmakda, bilimde, ylymda, söwdada, senagat önümçiliginde we beýleki gurşawlarda uly sepgitlere ýetildi.
Bäsleşigiň geçirilmegi talyplaryň özbaşdak pikirlenip, mesele çözüp, netije kabul etmäge ukyply ýaşlary ýüze çykarmaga, aýratyn zehinli ýaşlaryň öz başarnyklaryny açyp görkezmeklerine, web serwerleri we gorag diwarlary dolandyryp, dürli gorag tehnologiýalary öwrenip, web saýtlary işläp düzmekden, web saýtlary serwerlere gurnap, häzirkizaman tehnologiýalary ulanyp gorag serişdelirini işläp taýýarlamak ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam berer. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan “Etut.developer” ady bilen web saýt döretmek hem-de onuň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hakaton bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň ýeňijileri