
Täzelikler
54

Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasyny açmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary onlaýn usulda iş duşuşygyny geçirdiler.
Iş duşuşygyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşylan Ähtnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň ylym-bilim ulgamynda, geljekde hünärmenleri taýýarlamakda oňyn netijeleri berjekdigi, Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasyny açmak üçin alnyp barylýan işleriň kesgitlenen talaplara laýyklykda alnyp barylýandygy bellenip geçildi.
Iş duşuşygyň ahyrynda duşuşyga gatnaşyjylar daşary ýurtlaryň abraýly ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, kompaniýalary, ylmy-barlag merkezleri bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de tejribe alyşmak boýunça döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.