
Täzelikler
482

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylyň mart aýynyň 31-ne “Garaşsyzlyk ýyllarynda Bank ulgamynyň gazanan üsünlikleri we döwrebap mümkinçilikleri” atly sergisine Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň Bank işlerini programmirlemek we Maliýe we karz hünärleriniň II ýyllyk talyplary gatnaşdylar. Serginiň dowamynda talyplar nazaryýetde alan bilimlerini has-da berkitmek maksady bilen Türkmenbaşy DTB-niň, Rysgal PTB-niň, Türkmenistan DTB-niň we Türkmen-Türk täjirçilik bankynyň we başga-da birnäçe banklaryň hünärmenleri bilen söhbetdeş boldular. Häzirki döwürde sanly bank ulgamlarynyň ýokary depginde ösýänligini nazara almak bilen banklaryň täze sanly mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Serginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi