
Täzelikler
225

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Meredaly Sähedow ýurdumyzyň ylym-bilim giňişliginde özüniň döredijilikli we täzeçil çemeleşmeleri bilen tapawutlanmagyny dowam edýär. Ol ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen “Biznes-intellekt” atly intellektual eýeçiligiň awtorlarynyň bäsleşiginde ýokary işjeňlik görkezdi. Bu çäre ýaş hünärmenleriň innowasion taslamalaryny hödürlemekde möhüm platforma öwrüldi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Meredaly Sähedow intellektual eýeçiligi ösdürmäge goşan goşandy üçin Hormat haty bilen sylaglandy. Bu abraýly sylag guramaçylar tarapyndan berildi. Bu ykrarnama mugallymyň ylmy-barlag işleriniň döwrebap talaplara laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
M.Sähedowyň bu üstünligi onuň diňe bir mugallym däl, eýsem tejribeli ylmy guramaçydygyny hem tassyklaýar. Mugallymyň hünär gyzyklanmalarynyň merkezinde "Akylly şäher" we "Akylly öý" konsepsiýalary, şeýle hem BIM we Revit ýaly sanly tehnologiýalary binagärlik biliminde ornaşdyrmak bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, ol döwrebap inženerçilik çözgütlerini milli nagyşlar we halkymyzyň binagärlik mirasy bilen utgaşdyrmaga uly üns berýär.
Bu ýeňiş ýaş binagärler we inženerler üçin uly ruhlandyryjy güýç bolup, institutymyzyň abraýyna uly goşant goşýar.