
Täzelikler
200

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 41-nji çagalar bakja-bagynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2026» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. OL welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan guraldy.
Bäsleşige onuň şäher we etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan terbiýeçiler gatnaşdylar.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda terbiýeçiler özleriniň alyp barýan işleri barada gürrüň berýän wideogörnüşleri görkezdiler, usuly gollanmalaryny hödürlediler hem-de körpeler bilen okuw sapagyny geçdiler.
Eminler sapagyň guramaçylyk derejesine, onda terbiýeçiniň okuw-görkezme esbaplaryndan peýdalanmak we körpeleri sapaga çekmek başarnygyna hem-de döredijilikli çemeleşmelerine aýratyn üns berdiler.
Netijede, Kerki etrabynyň 24-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Leýli Şirowa, Türkmenabat şäheriniň 48-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Nasiba Tagaýewa, Çärjew etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Zülfiýa Hemraýewa, degişlilikde, birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldular. Dänew etrabynyň 24-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Badam Mämmedowa bilen Garabekewül etrabynyň 9-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Maýa Jumaýewa dagy bäsleşikde höweslendiriji baýraklary eýelediler.
Çeşme: "Türkmen gündogary" gazeti