
Täzelikler
288

Türkmenistanly zehinli mekdep okuwçylarynyň ikisi ýakynda Özbegistanda küşt boýunça geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, halkara derejede ýurdumyzyň sport abraýyna abraý goşmagy başardylar.
Has takygy, Buhara şäherinde geçirilen «Women’s Chess Championship» atly zenanlaryň IV halkara küşt çempionatynda Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň türgeni Mähri Agamyradowa «Challengers» toparynda 16 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda birinji orny eýeledi. Dokuz döwletiň wekillerini özünde jemlän bu ýaryş «Masters», «Challengers» we «Futures» toparlarynda şweýsar usuly boýunça geçirildi.
Şeýle hem «Futures» toparynda Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülmira Seýilhanowa 62 gatnaşyjynyň arasynda öňdebaryjylaryň ýediligine girmegi başardy.
Türkmen küştçüleriniň gazanan netijeleri ýaş türgenleriň ýokary taýýarlygyny we ýurdumyzda küşt sportunyň ösüşini görkezýär.
Çeşme: "Türkmenmetbugat" web saýty