
Täzelikler
252

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan welaýatyň mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy boldy. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşi bilen welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde guradylar.
Dabarada çykyş edenler sebitiň mekdep okuwçylarynyň «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde ýylyň-ýylyna gowy netijelere eýe bolýandygyny, olaryň 2025-2026-njy okuw ýylynda gazanan görkezijileriniň has-da guwandyrýandygyny belläp, zehinli ýaşlary gazanan üstünlikleri bilen gutladylar. Şeýle-de dabara gatnaşanlar ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge ajaýyp mümkinçilikleri we şertleri döredýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar.
«Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda baýrakly orunlary eýelän mekdep okuwçylaryna sowgatlaryň, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň sowgatlarynyň gowşurylmagy dabaranyň iň şatlykly pursadyna öwrüldi.
Çeşme: "Türkmenmetbugat" web saýty