
Täzelikler
240

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde talyplaryň arasynda geçirilen «Etut.developer» atly hakaton bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Hakatonyň dowamynda gatnaşyjylara «Etut.developer» bilim web saýtynyň özboluşly görnüşlerini döretmäge hem-de onuň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen innowasion pikirlerini we işläp taýýarlamalaryny hödürlemek teklip edildi.
Bäsleşigiň netijelerine görä, I orna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular.
II orny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary eýelediler.
III orna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň talyplar toparlary eýe boldular.